Kamerunyň Prezidenti Pol Biýýa 2025-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda boljak döwlet Baştutanynyň saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny resmi yglan etdi. Bu barada «CameroonOnlinе» portalyna salgylanýan «aif.ru» ýazýar.
13-nji fewralda Pol Biýýanyň 92 ýaşy dolýar. Ol sekizinji gezek saýlawlara gatnaşmakçy we ýurt Garaşsyzlygyny alany bäri ikinji Prezident bolup durýar. Ondan öňki Prezident Amadu Ahijo ýurda 1960-1982-nji ýyllarda ýolbaşçylyk etdi.
Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II aradan çykandan soňra Biýýa dünýäde iň uzak ýaşly döwlet Lideri boldy hem-de häkimiýet başynda uzak wagt saklanmak boýunça ikinji orny eýeledi. Ýagny ol 41 ýyl bäri Kamerunyň Prezidentidir.
Kamerunyň Konstitusiýasy Prezidentiň wezipesine dalaşgärleri ýaş we möhlet boýunça çäklendirmeýär. Ýurtda bir Prezidentlik möhleti 7 ýyla deňdir.