Geçen 2024-nji ýylda Ýaponiýa baran daşary ýurtly syýahatçylaryň sany rekord derejä ýetdi – 36,8 million adama golaýlady diýip, «www3.nhk.or.jp» portaly habar berdi.
Ýurduň Immigrasiýa edarasynyň çap eden deslapky maglumatlaryna laýyklykda, ösüş 2023-nji ýyldakydan 42 göterim ýokarydyr hem-de 1950-nji ýyldan bäri ýöredilip gelinýän statistika hasabatlylyga görä rekord derejededir.
Ýaponiýa geçen ýyl baran jahankeşdeleriň 34 milliony ýurtda ilkinji gezek bolýanlardyr. Ýaponiýa iň köp syýahatçylar Günorta Koreýadan (8,6 mln), Taýwandan (5,7 mln golaý), Hytaýdan (5,5 mln) we ABŞ-dan (2,6 mln) bardy.
Ady tutulan edara syýahatçylaryň sanynyň güýçli artmagyny pandemiýadan soňra jahankeşdelik pudagynyň dikelmegi, şeýle hem halkara gatnawlaryň artdyrylmagy we milli puluň hümmediniň peselmegi bilen baglanyşdyrýar.