Gymmatbaha daşlar bazarynda isleg göwheriň laboratoriýa şertlerinde ýetişdirilmegi hem-de nika toýlarynyň azalmagy sebäpli görnetin pese gaçdy diýip, «The Observer» neşirine salgylanýan «finance.mail.ru» gürrüň berýär. Habarda göwheriň nyrhynyň çalt arzanlaýandygy bellenýär. Neşiriň maglumatlaryna laýyklykda, dükanlarda tebigy göwheriň bahasy mundan iki ýyl öňdäkiden 26 göterim, şeýle-de laboratoriýa şertlerinde ýetişdirilen daşlaryň bahasy 2020-nji ýyldakydan 74 göterim arzandyr.
«Tenoris» kompaniýasynyň dolandyryjy hyzmatdaşy Edan Golanyň sözlerine görä, göwhere isleg koronawirus pandemiýasynyň yzysüre güýçli artypdyr. Ýagny 2022-nji ýylyň maýynda agramy bary-ýogy 1 karat bolan tebigy göwheriň nyrhy 6819 dollar bolan bolsa, geçen dekabrda 4997 dollara deň bolupdyr. Şol bir wagtda emeli göwheriň bahasy 2020-nji ýylyň ýanwarynda 3410 dollar bolanlygyndan, geçen dekabrda 892 dollara çenli arzanlapdyr.
«The Observer» neşiri bolsa, gymmatly daşlaryň nyrhlarynyň pese gaçmagyna sebäp bolan ýagdaýlaryň hatarynda Hytaýda islegiň pese düşmegini, dünýä ykdysadyýetindäki ýaramaz ýagdaýy hem-de nikalaşmagyň azalmagyny görkezýär.
Emma munuň esasy sebäbi laboratoriýa şertlerinde ýetişdirilýän gymmatly daşlaryň peýda bolmagydyr. «Öň olary ýasamak üçin hepdeler giderdi, indi bolsa, birnäçe sagat ýeterlik» diýlip, habarda bellenýär.