Türkiýede Bolu ülkesindäki şypahana toplumynda bolan 78 adamyň pida bolmagyna getiren ýangyndan soňra ýangyna garşy enjamlara isleg 300 göterim artdy. Bu barada ýurduň «Hürriyet» gazetine salgylanýan «caliber.az» ýazýar.
Ýylyň başynda Türkiýede ähli iş ýerlerinde ýangyna garşy görkezme okuwlaryny geçmäge borçly edýän karar kabul edildi. Bolu ülkesinde myhmanhanada bolan ýangyndan soňra ýangyn howpsuzlygyna üns ýokarlandy, işgärleri seçip almak bilen meşgullanýan kompaniýalar bu ugurda has köp sargytlary alýarlar.
Şol bir wagtda ýangyna garşy enjamlara isleg hem güýçli ýokarlandy, guramalar we şahsy taraplar howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmäge ymtylýarlar diýlip, habarda bellenýär.