Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernatoryny gutlady

22:1026.01.2025
0
18358

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernatory hanym Samanta Mostine ýurduň milli baýramy – Awstraliýanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, General-gubernator hanym Samanta Mostine tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Awstraliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň