Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

25-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

14:1925.01.2025
0
19348

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» forumyna hasaba alnyşyk açyldy, Hindistan kino pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurduň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

2. Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisiň barşynda «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi we garamagyna hödürlenen birnäçe teklipleri makullady.

3. Türkmenistanda 18-nji martda hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmeklige bagyşlanan «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlary» atly halkara forumy geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Söwda-senagat edarasy tarapyndan «TMT Consulting Group» kompaniýasy bilen bilelikde guralýar. Forum ýurduň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy meýdança bolar.

4. Hindistan Bolliwud bilen Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşmesiniň arasyndaky hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär. Bu barada Hindistanyň Aşgabatdaky ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat Aşgabatda hindi kinosynyň festiwalynyň açylyş dabarasynda aýtdy. Hindi kinosynyň festiwaly Aşgabatda 24 – 26-njy ýanwar aralygynda geçirilýär. «Aşgabat» kinoteatrynda hindi filmleri görkezilýär, kinoteatryň eýwanynda bolsa hindi kinosynyň taryhyny görkezýän sergi guraldy.

5. Görnükli žurnalist Mihail Gusmanyň «Häkimiýet ýörelgesi» atly kitabynyň nobatdaky neşiri çap edildi. Kitapda 75 sany saýlama söhbetdeşlik we olara teswir, şol sanda 2021-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen söhbetdeşlik hem ýerleşdirilipdir. Kitap «Häkimiýet ýörelgesi» atly telewizion gepleşiginiň döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli çap edildi we ol awtoryň doglan gününiň 75 ýyllygyna gabat gelýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, görnükli žurnalist, «TASS» habarlar agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmany ýubileýi mynasybetli gutlady.

6. Türkmenistanyň ilçisi Şalar Geldinazarow we Nepalyň Prezidenti Ram Çandra Paudel syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýumlary, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk uglgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Duşuşykda Geldinazarow Nepalyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy.

7. Mart aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa metbugat maslahatynda habar berdi. Ol 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Lýuksemburgda ÝB we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary gatnaşyklar guramalarynyň ýolbaşçylarynyň 19-njy duşuşygynyň geçirilendigini ýatlatdy. Onuň netijelerine görä, 20-nji duşuşygy şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, M.Bäşimowa 7-8-nji aprelde Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we ÝB-niň zenan liderleriniň gepleşikleriniň geçiriljekdigini aýtdy. Bu çärede zenanlaryň telekeçilik, ykdysadyýet, bilim, lukmançylyk we syýasata gatnaşmagy meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Dünýäde

8. Ýaponiýanyň «Asahi Shuzo» kompaniýasy kosmosda ýasalan sake içgisini çykarmaga taýýarlanýar. Bir çüýşäniň bahasy 100 million ýen bolar, bu bolsa 641 müň ABŞ dollaryna barabar. Önümçilik «Mitsubishi Heavy Industries» we Senagat, ylym we IT tehnologiýalar merkezi bilen hyzmatdaşlykda Halkara kosmos stansiýasynda şire taýýarlygyny öz içine alýar. Kosmos tapgyry tamamlanandan soň, şire ýene Ýere iberilýär.

Sport täzelikleri

9. FIFA-nyň Türkmenistandan emini Resul Mämmedow 17-nji fewralda Tähranda geçiriljek Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» we Eýranyň «Persepolis» toparlarynyň arasyndaky AFK Çempionlar ligasynyň saýlama oýnuna eminlik etmäge çagyryldy. Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň çözgüdine görä, Resul Mämmedow kömekçi emin hökmünde çykyş eder. Duşuşygyň esasy emini hökmünde Özbegistandan FIFA-nyň emini Rustam Litfullin bellendi.

10. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň hüjümçisi Denis Titow Russiýanyň «Rostow» futbol klubynyö düzüminde Özbegistanyň «Sogdiana» kluby bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda ilkinji gezek meýdança çykdy. BAE-de gyşky türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde geçirilen duşuşyk 3:0 hasabynda tamamlandy. 18 ýaşly Titow 85-nji minutda meýdança çykdy we işjeňlik görkezip, birnäçe howply pursatlary döretdi. Denis Aşgabadyň çagalar we ýetginjekler Olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebiniň uçurymy. «Rostow» oýunçy 16 ýaşyndaka, 2022-nji ýylyň ahyrynda onuň bilen şertnama baglaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň