Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň hukuk esaslary kämilleşdirilýär

11:4025.01.2025
0
20485

Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hasabatynyň çäklerinde ýurduň diplomatik gullugynyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek we Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da aýtdy. Bu barada TDH ýazýar. Hasabatda bellenilişi ýaly, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek üçin yzygiderli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary hakynda we Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanasynyň ýanyndaky metbugat attaşesi hakynda Düzgünnamalary, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet protokolynyň tejribesiniň Dessuryny işläp taýýarlamak baradaky teklipler hödürlenildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan köptaraplaýyn halkara şertnamalaryň 189-synyň agzasy bolup durýar. Şolaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar tarapyndan kabul edilen konwensiýalar, şertnamalar, ylalaşyklar, teswirnamalar bar. Şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň halkara resminamalara goşulmagy we olaryň çäklerinde hereketleri amala aşyrmagy bilen bagly degişli işleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda BMG-niň 2019-njy ýyldaky ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda ählumumy Konwensiýasyny hem-de 1952-nji ýyldaky ösümlikleriň karantini we goragy hakynda halkara Konwensiýasyny görkezmek bolar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan bilen dünýä ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn şertnamalaryň müňlerçesine gol çekildi. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 156 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt döwletlerine we daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Türkmenistana ýokary derejedäki saparlarynyň çäklerinde gol çekiljek resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleri alyp barmak teklip edilýär. Şeýle-de dürli ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn döwletara, hökümetara, pudagara resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamagy işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, parlamentara gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek baradaky teklip beýan edildi. Şundan ugur alyp, şu ýylyň fewralynda degişli meseleler boýunça pudagara iş duşuşygyny geçirmek teklip edilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň diplomatik gullugynyň esasy wezipesiniň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen özara hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdygyny, şoňa görä, onuň hukuk esaslaryny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtap, bu ugurda taýýarlanylan teklipleri makullady we wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň