Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tailandyň paýtagtynda howanyň hapalanmagy sebäpli mekdepler ýapyldy

11:2925.01.2025
0
21024
Tailandyň paýtagtynda howanyň hapalanmagy sebäpli mekdepler ýapyldy
Surat: report.az

Tailandyň paýtagty Bangkokda 350 mekdep howanyň güýçli hapalanmagy sebäpli ýapyldy.

Bu barada «Al Jazeera» teleýaýlymyna salgylanýan «Report» habar berdi.

Hepdäniň ortalaryndan bäri taý paýtagty howanyň howply derejesi bilen göreşýär, bu ýerde howanyň hiliniň görkezijisi (AQI) 159 belgä ýetdi. Şäheriň häkimligi mekdepleriň 352-sini ýapmaga we adamlara öýlerinden işlemäge rugsat berdi.

100-den ýokary bolan AQI görkezijisi saglyk üçin howply hasap edilýär, 200-den ýokary görkeziji bolsa, örän howpludyr.

Paýtagtyň gubernatory Çadçart Sittipunt howanyň howplulygynyň artmagyna möwsümleýin oba hojalyk ekinlerden boşan meýdanlaryň hem-de zibiliň ýakylmagynyň sebäp bolandygyny aýdýar.

Bangkok IQAir edarasynyň dünýäniň iň hapa şäherleriniň sanawynda ýedinji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň