Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mary şäher muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Ata Akyýewiň işleriniň sergisi açyldy

11:2725.01.2025
0
28461

Mary şäheriniň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Ata Akyýewiň we onuň şägirtleriniň işleriniň sergisi açyldy. Sergide şeýle hem Mary şäheriniň Çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň işleri hem görkezildi.

Serginiň açylyş dabarasy sungat söýüjiler üçin hakyky baýrama öwrüldi – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Halk suratkeşi Ata Akyýew 1949-njy ýylda Mary welaýatynyň Egrigüzer obasynda dogulýar. Onuň suratlary pikirlenmäge iterýän taryhy şekiller bolup, olar adamyň ömrüniň manysy, onuň durmuşdaky orny barada oýlanmaga mejbur edýär.

Sergide onuň gyzy Göwher Hydyrowanyň işleri hem görkezilýär. Bu suratkeşiň zehininiň sarpa goýulýan gymmatly zat hökmünde nesilden-nesle geçýändigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär.

Mary şäheriniň Çagalar sungat mekdebiniň ýaş suratkeşleri ýerine ýetiren işlerinde özleriniň dünýä göz ýetirişlerini, çaganyň sap ýürekliligini we ulularyň çynlakaýlygyny beýan etmegi başarypdyrlar.

«Bu sergi diňe suratlaryň görkezilişi däl-de, eýsem nesilleri birleşdirmek, suratkeşler bilen sergä synlamaga gelýänleriň arasynda gatnaşygy emele getirmek synanyşygydyr – diýip, muzeýiň ylmy-sergiler bölüminiň müdiri Läle Potyýewa belleýär. – Ata Akyýewiň bütin ömri – bu sungatyň bizi gurşap alýan dünýäni nähili üýtgedip bilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Onuň eseri geljekki nesillere ylham berjek bahasyna ýetip bolmajak mirasdyr».

Sergä gatnaşyjylar ajaýyp surat eserlerini synlamak bilen çäklenmediler, olar suratkeşler we sungaty öwrenijiler bilen şahsy duşuşyklarda söhbetdeş bolup, özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar.

Gazetde bellenilişi ýaly, sergi diýseň dostlukly gurşawa eýe bolup, onda döredijilik ruhy we ylham joşguny höküm sürdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň