Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kaýl Uoker we Randal Kolo-Muani Italiýanyň klublaryna geçýärler

11:1625.01.2025
0
27918

Goragçy Kaýl Uoker we hüjümçi Randal Kolo-Muani kärende hukuklarynda Italiýanyň klublarynyň düzümlerine goşuldylar. Kaýl Uoker «Mançester Siti» klubyndan «Milan» klubuna, Randal Kolo-Muani bolsa «PSŽ» klubyndan «Ýuwenus» klubya geçdiler.

Uoker bilen şertnama yzyna satyn almak hukugy bilen, möwsümiň ahyryna çenli baglaşyldy. 34 ýaşly goragçy 32-nji belgide çykyş eder. 2017-nji ýyldan bäri «Sitide» 319 oýunda çykyş edip, ol 6 gol geçirdi we geçirilen 23 gola top geçirdi.

Kaýl Uoker — Angliýanyň 6 gezek çempiony, ýurduň kubogyna 2 gezek eýe boldy, Liga kubogynyň 4 gezek ýeňijisi, Angliýa Superkubogyny 2 gezek gazandy. Onuň hasabynda Ýewropanyň Çempionlar ligasynda, UEFA-nyň Superkubogynda we Dünýäniň klublar çempionatynda gazanan ýeňişleri bar. Ol Angliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Ýewropanyň çempionatlarynda 2 gezek kümüş medala mynasyp boldy.

Randal Kolo-Muani «Ýuwenus» klubynda 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli çykyş eder. Klub oňa kärende tölegi hökmünde gazanan netijesine baglylykda 1mln - 3,6 mln ýewro çenli tölär.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň tomsunda «PSŽ» kluby 26 ýaşly hüjümçini «Aýntrahtdan» 95 million ýewro satyn alypdy. Häzirki möwsümde Kolo-Muani Parižiň klubynda tutuş ýaryşyň dowamynda 14 oýunda 2 gol geçirdi we 1 gol topuny geçirdi. Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde bolsa ol 27 oýunda 8 goly hasabyna ýazmagy başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň