Norwegiýanyň Tromse şäherinde mekdep mugallymy bolup işleýän zenan −10°C temperaturaly sowuk howada aýy eşiginde 5 sagat ylgap, dünýä rekordyny goýdy hem-de haýyr-sahawat üçin 21 müň ýewro möçberde pul toplady.
Gill Esseksa atly zenan «Polýar gijesi» atly marafony −10°C temperaturaly sowukda 4 sagat 58 minut we 29 sekuntda geçmegi başardy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň pikiriçe, bu aýazly howada haýwanlaryň eşigini geýnip ylgaýanlar üçin iň ýokary görkezijidir.
«Polýar gijesi» atly haýyr-sahawat ylgawy Tromse şäherinde gijesine geçirilýär. Onda türgenler geçmegi agyr bolan dag ötüginden geçmelidirler.
Bu barada «vfokuse.mail.ru» ýazýar.