24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsuly (Astrahan şäheri) Gadam Ilamanow Astrahan döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň rektorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Poroýsk Sergeý Wiktorowiç bilen duşuşdy.
Duşuşykda taraplar saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak we talyplara bilim bermek boýunça tejribeleri paýlaşmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Astrahan döwlet Lukmançylyk uniwersitetinde 350-den gowrak türkmenistanly talybyň bilim alýandygy bellenildi.
Soňra türkmen konsuly bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmenistanly talyp ýaşlar bilen duşuşdy. Duşuşykda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigi, bu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljekdigi barada gürrüň edildi. Şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň çäginde özüňi alyp barmagyň kadalary baradaky maglumatlar talyplara ýetirildi.