Hytaýda geçen 2024-nji ýylda ylmy barlaglara we synag- konstruktorçylyk işlerine çykdajylar 8,3 göterim artyp, 3,61 trln ýuana (496 mlrd dollar) deň boldy.
Ylmy barlaglara çykdajylaryň JIÖ-däki (Jemi içeri önüm) paýy bir ýyl ondan öňdäki 2,58 göterim bilen deňeşdirilende, 2,68 göterime ýetdi. Şol sanda düýpli ylmy barlaglara maýa goýumlar geçen ýylda 10,5 göterim ýokarlanyp, 249,7 mlrd ýuany düzdi.
Bir ýylda ýurtda oýlap tapyşlar üçin 1,045 million patent berildi, bu 2023-nji ýyldakydan 13,5 göterim köpdür. 4,781 mln sany haryt nyşany bellige alyndy.
Ylmy barlaglara we synag-konstruktorçylyk işlerine maýa goýumlar boýunça Hytaý dünýäde ikinji orny eýeleýär diýip, ýurduň habar beriş serişdeleri ýazýar.
Bu barada ýurduň Döwlet statistika edarasyna salgylanýan «Interfaks» habar berdi.