Serdar Berdimuhamedow Mihail Kawelaşwilini Gruziýanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady, Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy bilen sporty ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy, Brýusselde geçirilen sergide Türkmenistanyň medeni mirasy görkezildi we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Mihail Kawelaşwilä Gruziýanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. «Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de bu gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Gruziýanyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýarys» diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.
2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory, Sportuň suwdaky görnüşleri boýunça Bütindünýä guramasynyň prezidenti Hüseýin Al-Musallamy kabul etdi. Duşuşykda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň bedenterbiýe we sport pudagyndaky ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Sportuň suwdaky görnüşleri ösdürmäge aýratyn üns berildi.
3. Brýusselde «Civilisations Winter Edition» sergisiniň çäklerinde türkmen sungatynyň ilkinji iri sergisi öz işine başlady, onda özboluşly milli sungat eserleri tanyşdyrylýar we Türkmenistanyň medeni baýlygy görkezilýär. Sergide elde ýasalan şaý-sepler, özboluşly gölli milli halylar we milli çeperçilik däpleriniň çuňlugyny açyp görkezýän ajaýyp dokma önümleri hödürlenýär.
4. Türkmenistanyň Yslamabatdaky Pakistanyň döwlet kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Pakistanly işewürler ikitaraplaýyn söwdany has-da giňeltmek we ösdürmek üçin türkmen telekeçileri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar hyzmatdaşlygy ýola goýmak we işewür pikir alyşmalary üçin Aşgabatda Pakistanyň harytlarynyň sergisini guramagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.
5. Galmyk döwlet uniwersitetiniň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda bilim pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar goşa diplom meýilnamasyny, mugallymlar we talyplar üçin akademiki alyş-çalyşlary hem öz içine alýan bilelikdäki bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garadylar.
6. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň binalarynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabaralary boldy. Iki gatly, döwrebap kottej jaýlaryň her biri bäş otagdan ybaratdyr. Bularda ýaşaýyş üçin ýokary derejeli amatlyklar döredilipdir. Dabaranyň myhmanlary täze ýaşaýyş jaý toplumynyň dolandyryş binasyna we Mälikguly aganyň manyly ömrüne bagyşlanan muzeýe bardylar. Dabaranyň dowamynda täze jaýlaryň eýelerine jaýlaryň açarlary gowşuryldy.
Dünýäde
7. Fewral aýynda Ermenistanyň Parlamenti Respublikanyň Ýewropa Bileleşigine goşulmagy baradaky kanunyň taslamasyna sereder. Bu barada parlamentiň başlygynyň metbugat sekretary Mowses Arutýunýan habar berdi. 9-njy ýanwarda hökümet tarapyndan tassyklanan kanunyň taslamasy 11-14-nji fewral aralygynda geçiriljek mejlisiň gün tertibine giriziler. Ondan öň Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan gutarnykly kararyň ählihalk referendumynda kabul ediljekdigini aýtdy.
8. Geologlar Gündogar Afrika rift jülgesindäki jaýrygyň garaşylýandan has çalt ösýändigini anykladylar. 2005-nji ýylda Efiopiýa çölünde emele gelen jaýryk her ýyl 1,5 sm ösýär, Kaliforniýa uniwersitetiniň professory Ken Makdonald yklymyň doly ikä bölünmeginiň ozal pikir edilişi ýaly, onlarça million ýylda däl-de, 1-5 million ýylda bolup biljekdigini çaklaýar. Mümkin bolup biljek netijeler jülgäniň Hindi ummanynyň suwlary bilen doly basylmagyny we täze materigiň – «Nubiýa yklymynyň» emele gelmegini öz içine alýar.
Sport täzelikleri
9. Türkmenistanyň Basketbol federasiýasy 2008-nji ýylda doglan ýaş basketbolçylaryň (oglanlaryň we gyzlaryň) arasyndan «Serhetsiz basketbol» atly lagere gatnaşmak üçin dalaşgärleri saýlap almaklyga başlandygyny yglan etdi. Saýlap almaklyk NBA we FIBA bilen bilelikde geçiriler. Arzalar 26-njy ýanwara çenli kabul edilýär.