Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ilçisi Nepalyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

12:4224.01.2025
0
15155
Türkmen ilçisi Nepalyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
Surat:president.gov.np

23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Nepaldaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow Nepalyň Prezidenti Ramçandra Paudele ynanç hatlaryny gowşurdy.

Nepalyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň başynda ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Nepalyň Prezidenti Ramçandra Paudeliň adyna ýollanan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Nepalyň Prezidenti Ramçandra Paudel özüne ýollanan mähirli salam we arzuwlar üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar dürli ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Nepalyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassykladylar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň iýulynda gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Nepaldaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Nýu-Deli şäheri) wezipesine bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň