«PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynda kömekçi wezipesine (kreditorlyk we debitorlyk karzlar boýunça) boş iş ornuny mälim etdi.
Iş ýeri: Aşgabat şäheri.
«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda beýan edilişi ýaly, boş iş ornuna dalaşgärler aşakdaky talaplara laýyk gelýän doly maglumatlary we goşmaça resminamalary bermeli:
- Bilimi: buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hünär ugry boýunça diplomy ýa-da şoňa meňzeş okuw şahadatnamasy.
- Iş tejribesi: degişli ugur boýunça 2 ýyldan 5 ýyla çenli iş tejribesi.
- Dil bilimi: iňlis, türkmen we rus dillerinde erkin gepleşip we ýazyp bilmeli.
- Başarnyklary: SAP we MS Office programma üpjünçiligi bilen işlemek başarnygу
Doldurylmaly anketalary kompaniýanyň Aşgabatdaky edarasyndan alyp bolýar: Türkmenistan, Aşgabat, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, jaý 81.Doldurylan anketalary kompaniýa tabşyrmaly ýa-da mailto:recruitment.tm@petronas.com.my elektron poçta salgysy boýunça şu bildiriş çap edilenden soň 2 hepdäniň dowamynda ibermeli.
Elektron poçta arkaly ibereniňizde familiýaňyz, adyňyz we arza berýän wezipäňiz görkezilmelidir.
Kompaniýa diňe şu wezipäniň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hünärli dalaşgärleriň söhbetdeşlige çagyryljakdygyny nygtaýar.