Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň binalarynyň nobatdaky tapgyry açyldy

11:0424.01.2025
0
16791

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň binalarynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabaralary boldy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Iki gatly, döwrebap kottej jaýlaryň her biri bäş otagdan ybaratdyr. Bularda ýaşaýyş üçin ýokary derejeli amatlyklar döredilipdir.

Dabaranyň myhmanlary Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň dolandyryş binasyna hem bardylar. Bu ýerde olar ministrligiň dutarçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen ajaýyp aýdymy diňlediler, Mälikguly aganyň manyly ömrüne bagyşlanan muzeýi synladylar.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň binalarynyň nobatdaky tapgyrynyň açylmagy harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň ýaşaýyş, gulluk şertlerini gowulandyrmak barada döwletiň edýän aladasynyň netijesidir.

Dabaranyň dowamynda bu döwrebap binany gurmakda has tapawutly zähmet çeken gurluşykçylara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar, täze jaýlardan öý alan maşgalalara bolsa açarlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň