Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Durnukly Ýaponiýa» žurnaly EXPO-2025 sergisiniň diwarlyklary hakynda makala neşir etdi

17:2823.01.2025
0
16028

«Durnukly Ýaponiýa» žurnalynyň soňky sanynda (43) Osaka şäherinde geçiriljek halkara sergisi barada giňişleýin maglumatlary berýän makala çap edildi. Ol Türkmenistan, Awstraliýa, Niderlandlar, Ispaniýa, Hytaý, Italiýa ýaly halkara sergisine gatnaşýan ýurtlaryň diwarlyklaryny jikme-jik beýan edýär.

Türkmenistanyň diwarlygy özboluşly üçburçlyk görnüşindäki üçegi bilen häsiýetlendirilýär, ol durnuklylyk we ýaşaýyş akymyny aňladýar. Sergini synlamaga baranlar ýurduň medeniýetini, taryhyny we ykdysady ösüşini beýan edýän ajaýyp ekspozisiýany görerler. Diwarlygyň resmi gurnamasyny ýerine ýetirmek işi ýurdumyzyň «Belli» kompaniýasyna tabşyryldy.

EXPO-2025 şu ýylyň 14-nji aprelinde başlanýar we ol 13 oktýabra çenli dowam edýär. Sergä 161 ýurt gatnaşar we ol binagär So Fujimotonyň agaçdan bina edilen ägirt uly desgasynyň astynda geçiriler. Serginiň esasy aýratynlygy - diwarlyklaryň ekologiýa taýdan amatly bolmagy, olaryň köpüsi täzeden işläp bolýan we ulanmaga ýaramly görnüşde döredilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň