Soňky 100 ýylyň dowamynda tutuş dünýäde erkekleriň boýy we agramy zenanlar bilen deňeşdirilende, iki esse çalt ösdi. Muňa Beýik Britaniýadaky Rohampton uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen ylmy barlaglaryň netijeleri güwä geçýär diýip, «The Guardian» habar berdi.
Soňky ýüzýyllykda erkekler bilen zenanlaryň näderejede özgerendigini öwrenmek üçin Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň, Beýik Britaniýanyň milli edaralarynyň we arhiwleriniň maglumatlaryndan peýdalanyldy. Bahalandyrmak üçin alymlar adam ösüşiniň indeksini (AÖI) ulandylar, ol ömrüň dowamlylygy, bilimiň derejesi we ilatyň jan başyna düşýän girdejilerini öz içine alýar.
Alymlar AÖI ýokarlananda, zenanlaryň ortaça ösüşiniň 1,7 sm, agramynyň 2,7 kilograma deň bolandygyny anykladylar. Şol bir wagtda erkeklerde bu görkezijiler degişlilikde, 4 sm we 6,5 kg deň bolupdyr. Bu durmuşyň hiliniň erkekleriň boýunyň ösüşine hem-de agramynyň artmagyna has oňyn täsir edýändigini görkezýär.
Şeýle hem ylmy barlaglaryň netijesinde geçen XX asyrda zenanlaryň ortaça boýunyň 159-dan 162 sm çenli, erkekleriň bolsa 170-den 177 sm çenli ösendigi anyklandy. XX asyryň başynda her dördünji zenanyň boýy (25 göterim) öz nesliniň ortaça erkeginden uzyn bolupdyr, emma asyryň ortalarynda bu görkeziji her dördünji zenan bolanlygyndan her sekizinji zenana çenli kemelipdir.
Alymlar täze ylmy barlaglaryň öňki ylmy barlaglaryň netijelerini tassyklaýandygyny belleýärler, olara görä, erkekler özlerinden has pes boýly zenanlary, zenanlar bolsa has uzyn boýly erkekleri saýlaýarlar.
Bu barada «vfokuse.mail.ru» ýazýar.