Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda telefon jaňlaryny anyklaýjy Contact Pro TM atly täze goşundy işe girizildi

12:3523.01.2025
0
20087

Turkmenportal internet neşiri her bir smartfon ulanyjysy üçin gündelik zerur bolan Contact Pro TM atly täze ykjam goşundysyny hödürleýär.

Contact Pro TM näbelli telefon belgilerini anyklamak üçin niýetlenendir. Contact Pro TM goşundysynyň aýratynlygy, ol diňe bir jaň eden belginiň eýesiniň adyny däl-de, eýsem beýleki ulanyjylar tarapyndan aragatnaşyk belgisi ýatda saklanan mahaly görkezilen goşmaça maglumatlary, mysal üçin, şol adamyň hünärini ýa-da iş ýerini hem görkezýär.

Ulgamyň işlemegi üçin ulanyjylar öz aragatnaşyk belgilerini goşundynyň umumy maglumatlar binýadyna goşmaga rugsat bermelidir. Ulgamyň netijeliligi göni işjeň ulanyjylaryň sanyna bagly bolup durýar: goşundyny näçe köp adam ýüklese, telefon belgileriniň maglumat binýady şonça-da giň bolar.

Häzirki wagtda Contact Pro TM goşundysyny App Store dükanyndan ýa-da contactpro.turkmenportal.com salgysyndan ýükläp alyp bolýar, ýakyn geljekde bolsa onuň Google Play dükanynda Android enjamlar üçin wersiýasy hem peýda bolar.

Şeýle hem siz QR kody skanirlemek arkaly goşundyny aňsat ýükläp, alyp bilersiňiz.


Goşundy bilen işe başlamak üçin ulanyjylar öz adyny, telefon belgisini we paroly görkezmek arkaly hasap döretmelidirler.

Goşundy belgiler gözleginiň funksiýasy we şahsy otagy bilen amatly interfeýse eýedir. Ol ýerde sazlamalary, şol sanda dili saýlamak (türkmen ýa-da iňlis) mümkinçiligini dolandyryp bolýar. Şeýle hem ulanyjylara işläp düzüjiler bilen habarlaşmak, gizlinlik syýasaty bilen tanyşmak we hasaby dolandyrmak mümkinçilikleri elýeterlidir.

Contact Pro TM goşundysyny şu gün ýükläp alyň-da, öz telefon jaňlaryňyzy has howpsuz hem amatly ediň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň