Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Gazagystanyň suw meselesindäki garaýyşlarynyň gabat gelýändigini belledi

10:3923.01.2025
0
17341

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde suw meselesinde hem Türkmenistan bilen Gazagystanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigine hem-de onuň bilelikdäki işleri amala aşyrmak üçin ygtybarly binýat bolup durýandygyna ünsi çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

"XXI asyrda suw bilen bagly mesele ählumumy ähmiýete eýedir. Ýer şarynyň ykdysady we ekologik abadançylygy, syýasy döwletara gatnaşyklaryň häsiýeti hem ugry köp babatda biziň suw meselelerinden netijeli baş alyp çykyşymyza baglydyr" diýip, Gahryman Arkadag aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Er-Riýadda geçirilen “Bitewi suw” sammitinde eden çykyşynda Merkezi Aziýada suw meselesiniň ähli toplumyna garalanda üç ugra — halkara hukugyň kadalarynyň berjaý edilmegine; sebitiň hemme döwletleriniň bähbitleriniň özara hasaba alynmagyna; halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasyny bu meselä gatnaşdyrmak ýörelgelerine eýerilmelidigini nygtapdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Gazagystanyň, ozalkysy ýaly, geljekde-de suw meselesinde berk we ylalaşylan çemeleşmä eýerjekdiklerine ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň