Beýik Britaniýadaky hor aýdymçylary topary dünýäde iň goja aýdymçylaryň topary diýlip yglan edildi diýip, «UPI» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Ýagny «Prime Timers» toparynyň ýaşy 87-den 99-a çenli bolan 17 sany agzasy bar. Ol Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäde iň garry hor diýlip resmi yglan edildi. Aýdymçylaryň ortaça ýaşy 94 ýyla deňdir.
Toparyň ähli agzalary «Runwood Homes» guramasy tarapyndan dolandyrylýan 7 sany garrylar öýünde ýaşaýarlar.