Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BMG-niň Baş sekretary: Gözegçiliksiz emeli aň howply

09:4023.01.2025
0
10887
BMG-niň Baş sekretary: Gözegçiliksiz emeli aň howply
Surat: caliber.az

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş gözegçiliksiz emeli aňyň adamzat üçin howp döredýändigi barada aýtdy. Ol bu barada Dawosda dowam edýän Ykdysady forumda belledi diýip, TASS habar berýär.

«Ynjalyksyzlanma döredýän ýene bir pudak— bu gözegçiliksiz emeli aň. EA aldaw guraly hökmünde peýdalanylyp bilner. Ol ykdysadyýetiň we zähmet bazarynyň işini bozup biler, institutlara ynamy ýok edip, gorkunç netijelere getirip biler» diýip, Guterriş nygtady.

BMG-niň Baş sekretary şeýle-de EA deňsizligi ýokarlandyryp biler diýip hasaplaýar, sebäbi ol hemmeler üçin elýeterli däldir.

Antoniu Guterriş bu ugurda BMG-niň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň hem pes derejededigini sözüniň üstüne goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň