Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanda galyndylary gaýtadan işleýän 41 zawod gurlar

18:0822.01.2025
0
17526
Gazagystanda galyndylary gaýtadan işleýän 41 zawod gurlar
Surat: report.az

Gazagystanda galyndylary gaýtadan işleýän zawodlaryň 41 sanysy gurlar, olaryň umumy kuwwatlylygy ýylda 1,1 million tonna deň bolar. Bu barada ýurduň Hökümetiniň metbugat gullugyna salgylanýan ýerli habar beriş serişdeleri ýazýarlar.

Ýurduň Ekologiýa we tebigy baýlyklar ministrliginde umumy bahasy 307 mlrd teňňe (579, 2 mln amerikan dollary) bolan 65 taslama bolup, olaryň durmuşa geçirilmegi 4,5 müň täze iş ornuny döretmäge kömek eder.

Ministrlikde ýurduň çägindäki 4,5 müň sany zibilhanany aradan aýyrmaga älem hemralary arkaly alnan suratlaryň kömek edendigini gürrüň berdiler diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň