Russiýaly aktýor Dmitriý Haratýan «Dobroye utro» gepleşiginde ABŞ-nyň häzirki Prezidenti Donald Trampyň režissýor Leonid Gaýdaýyň filminde surata düşmek üçin haýyş edendigini gürrüň berdi.
Gürrüň «Deribasowskda howa gowy ýa-da Braýton-Biçde ýene ýagyn ýagýar» atly film barada barýar. Tramp Gaýdaýa filmdäki görnüşleriň birini özüniň Atlantik-Sitidäki «Täçmahal» myhmanhanasynda mugt surata düşürmäge rugsat beripdir. Munuň üçin Gaýdaý Trampa titr ýazgylarynda minnetdarlyk bildiripdir. Tramp öz kömekçileriniň üsti bilen sözsüzem bolsa, filmde surata düşürmegi haýyş edipdir. Gaýdaý oňa: «Kim bu adam? Men beýle artisti bilmeýärin. Mende Sowet Soýuzynyň halk artistleri Mýagkow, Kurawlýow, Jigarhanýan dagylar surata düşýärler. Donald Tramp, kim ol?» diýip, jogap beripdir.
Donald Tramp birnäçe filmlerde kiçijik sahnalarda surata düşdi. Olaryň arasynda iň ýatda galany Kris Kolambusyň «Ýeke özi öýde 2: Nýu-Ýorkda ýiten» filmidir. Tramp bu filmde bary-ýogy 10 sekunt görünýär, ol Makoleý Kalkiniň janlandyran baş keşbindäki oglanjyga oteliň eýwanyna nädip barmalydygyny salgy berýär.
Bu barada «Gazeta.ru» gürrüň berýär.