Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako saparynyň dowamynda 20-nji ýanwarda Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşygynda hyzmatdaşlygyň möhüm böleginiň älem giňişligidigini belledi. Bu barada TDH ýazýar.
Bellenilişi ýaly, 10 ýyl mundan ozal Monako Knýazlygy «TürkmenÄlem52oE» türkmen emeli hemrasynyň kosmosa çykmagy üçin uçjak ugruny beripdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn şertnamanyň möhletiniň 2030-njy ýylda dolýandygyny aýdyp, oňyn tejribä esaslanyp, Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Gahryman Arkadag häzirki wagtda Türkmenistanyň ikinji emeli hemrany döretmegiň üstünde işleýändigini aýtdy we ony älem giňişligine çykarmaga taýýarlamakda bilelikde işlemek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.
"Medeni hyzmatdaşlygyň wajypdygyna we ony ösdürmäge uly üns berýäris. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary şu günler Monte-Karloda dowam edýän halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşýar. Munuň özi Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär" diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we Türkmenistanyň bu gatnaşyklary has-da ösdürmäge, täze ugurlar bilen giňeltmäge taýýardygyny nygtap, başga-da özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň bardygyna ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sporty geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Gahryman Arkadag Şazada Alber II-niň sport hereketiniň we giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň tarapdarydygyny, onuň tagallalary bilen Monako Knýazlygynyň 2025-nji ýylda “Dünýäniň sport paýtagty” diýen hormatly ada eýe bolandygyny nygtady hem-de bu möhüm ugurdaky tagallalary birleşdirmek üçin ýurtlarymyzda bar bolan mümkinçilikleri we tejribäni sporty ösdürmek babatda ulanmagy teklip etdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Monakonyň taryhyna, medeniýetine uly hormat goýýandygyny we halkara syýasat boýunça döredijilikli garaýyşlaryna ýokary baha berýändigini belledi hem-de ýakyn gatnaşyklara, özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.
Şazada Alber II çuň manyly çykyşy hem-de öňe süren teklipleri üçin Gahryman Arkadaga hoşallygyny beýan edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Ol iki ýurduň arasynda gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi hem-de öz ýurdunyň ony täze ugurlar boýunça ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.