Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (BSGG) halkara jemgyýetçiligine üstümizdäki ýylda millionlarça adama adatdan daşary lukmançylyk kömegi üçin 1,5 mlrd dollar bölüp bermek barada çagyryş bilen ýüzlendi. Bu barada guramanyň resmi saýtyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar.
BSGG-niň täze nutugynda gapma-garşylyklaryň, howanyň üýtgemeginiň, ýokançlaryň we ilatyň göçmeginiň ählumumy saglygy goraýyşda görlüp-eşidilmedik kynçylyklara getirendigi belllenýär. BSGG şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylda 305 millon adamyň kömege ýiti mätäçlik çekjekdigini nygtaýar. Munuň üçin bolsa, 1,5 mlrd dollar gerek bolar.
Guramanyň Baş direktory Tedros Gebreýesus öz çagyryşynda bu gün saglygy goraýyşda 42 sany adatdan daşary kynçylygyň bardygyny nygtap, olary ýeňmek üçin möhüm wezipeleri kesgitledi. Onuň aýtmagyna görä, häzir tutuş dünýäde saglygy goraýyş ulgamy öz mümkinçilikleriň aňrybaş çäginde, ýiti kynçylyklaryň şertlerinde işleýär.