Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halkynyň Milli Lideri Monakonyň okeanografiýa muzeýine baryp gördi

09:2822.01.2025
0
14857

Ozal habar berşimiz ýaly, 19-20-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako sapary boldy.

20-nji ýanwarda günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri Monakonyň okeanografiýa muzeýine baryp gördi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli garşylanyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, okeanografiýa muzeýiniň taryhy, Monako Knýazlygynyň ozalky Şazadasy Alber I-niň okeanografiýa boýunça geçiren taryhy we ylmy işleri bilen tanyşdyryldy.

Bellenilişi ýaly, Monakonyň okeanografiýa muzeýi 1910-njy ýylda Şazada Alber I tarapyndan döredilýär we ol dünýäniň öňdebaryjy okeanografiýa hem biologiýa ugurly muzeýleriniň biri bolup durýar. Muzeý Ortaýer deňziniň kenaryndaky kert gaýada, 85 metr belentlikde ýerleşýär. Onuň içinde dürli ýöriteleşdirilen bölümler bar. Okeanlaryň ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek hem-de goramak bu muzeýiň esasy maksadydyr.

Türkmen halkynyň Milli Liderine muzeýiň akwarium bölüminde dünýäniň dürli ýerlerinden getirilen balyklaryň, suwda ýaşaýan beýleki jandarlaryň 6 müňden gowrak görnüşi we deňiz ösümlikleri görkezildi hem-de olar barada gürrüň berildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy muzeýiň ýolbaşçylaryna işlerinde üstünlikleri arzuw edip, ol ýerden Fransiýanyň Nissa şäheriniň Halkara howa menziline ugrady. Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty festiwalynda çykyş eden «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň