Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň iň baý adamlarynyň emlägi 2 trillion dollara çenli artdy

14:5621.01.2025
0
15199
Dünýäniň iň baý adamlarynyň emlägi 2 trillion dollara çenli artdy
Surat: ivbg.ru

Dünýäniň iň baý adamlarynyň emläkleriniň ösüşi geçen 2024-nji ýylda 2023-nji ýyldakydan üç esse artdy we 2 trillion dollara deň boldy. Bu barada «Oxfam» britan hökümete degişli däl ylmy barlag guramasynyň täze nutugynda aýdylýar. Guramanyň maksady garyplygyň we onuň bilen bagly adalatsyzlygyň meselelerini çözmekden ybaratdyr. Guramanyň hasaplamalaryna laýyklykda, 2024-nji ýylda baýlaryň emlägi her gün 5,7 mlrd dollar ýokarlandy.

Ultra-baýlaryň maýasynyň artmagynyň depgini dünýäde çalt ýokarlanýar we her onýyllykda 5 sany täze trillioner peýda bolar. Öň gurama bu barada her on ýylda 1 trillioner peýda bolar diýip çaklaýardy.

Galyberse-de, 2024-nji ýylda dollar milliarderleriniň sany 204 birlik köpeldi, häzir dünýäde hasaba alnan 3 müň sany çakdanaşa baý adamlaryň jemi emlägi bolsa 15 trillion dollara çenli köpeldi. «Oxfam» bu baýlyklaryň agramly böleginiň ýa-ha miras alnandygyny, ýa-da dikmeçilik, tanyşçylyk we korrupsiýa ýoly bilen gazanylandygyny nygtaýar.

Şol bir wagtda dünýäde garyplaryň sany 1990-njy ýyldan bäri üýtgemedi we henizem Ýeriň ilatynyň 44 göterimini tutýar.

«Oxfam» guramasynyň nutugy Şweýsariýanyň Dawosynda dowam edýän Bütindünýä ykdysady forumynyň öňüsyrasynda çap edildi. Foruma adatça dünýäniň iň baý adamlary ýygnanýarlar. Ol Dawosda 55-nji gezek geçýär we 20-24-nji ýanwar aralygynda dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň