Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar: Arktikanyň eremegi millionlarça adama howp salýar

12:0021.01.2025
0
16201
Alymlar: Arktikanyň eremegi millionlarça adama howp salýar
Surat: gazeta.ru

Şwesiýanyň Umeo uniwersitetiniň alymlary Awstriýadan we Daniýadan bolan kärdeşleri bilen bilelikde, Arktikada ýaşaýan adamlar üçin sebitdäki baky doňaklygyň eremeginiň howpuny öwrendiler. Ylmy barlaglaryň netijeleri «Communications Earth and Environment» (CEE) žurnalynda çap edildi diýip, «caliber.az» ýazýar.

Baky doňaklyk demirgazyk ýarymşaryň guryýer böleginiň 15 göterime golaýyny eýeleýär we howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, çalt ereýär. Bu ýagdaý köpýyllyk buzluklaryň has tiz ereýän etraplarynda ýaşaýan 3 milliona golaý adam üçin uzak möhletleýin howplary döreder diýip, hünärmenler belleýärler.

Alymlar baky doňaklygyň eremeginiň, esasan, bäş ugurda: infrastruktura, ykjamlyk we üpjünçilik, suwuň hili, azyk howpsuzlygy we saglyk babatda howplary döredip biljekdigini öňe sürýärler. Olar şeýle-de nebit we gaz çykarylýan ýerlerde senagat heläkçilikleriniň döräp biljekdigini, oba hojalyk pudagyna ýaramaz täsir edip, azyk üpjünçiligini bökdejekdigini nygtaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň