Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Britan Geňeşiniň» AELLCA taslamasynyň çäklerinde iňlis dili mugallymlarynyň hünär kämilleşdiriş okuwlaryna badalga berildi.
Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, 14-nji ýanwarda institutyň iňlis dili mugallymlarynyň 14-si Beýik Britaniýanyň Nottingem trent uniwersitetiniň tejribeli mugallymy Ste Şarpyň alyp barmagynda TKT (Okuw biliminiň barlagy) okuwlaryna başlady. Bu okuw Türkmenistanda iňlis dilini okatmagyň hilini ýokarlandyrmakda möhüm ädim bolup, mart aýynyň ortasyna çenli dowam eder.
Habarda bellenilişi ýaly, bu taslama talyplaryň okamakda döwrebap zerurlyklaryny nazarda tutup, mugallymlaryň daşary ýurt dilini okatmagyň usulyýetini, synpy dolandyrmagy we dil ukyplaryny yzygiderli kämilleşdirmegini maksat edinýär.
Okuwlary üstünlikli tamamlan mugallymlara Nottingem trent uniwersitetiniň şahadatnamasy gowşurylar we olar halkara derejede ykrar edilýän TKT (Okuw biliminiň barlagy) synagyna gatnaşmak mümkinçiligine eýe bolarlar. Bu şahadatnama mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyryp, olara ýerli we halkara derejede täze mümkinçilikleriň gapysyny açar.