Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň iň gymmat pullary belli edildi

17:5720.01.2025
0
20827
Dünýäniň iň gymmat pullary belli edildi
Surat: finance.mail.ru

Köpler ABŞ-nyň we Ýewropa ýurtlarynyň pullary dünýäde iň gymmatdyr öýdüp ýalňyşýarlar diýip, «Rikom-Trast» maliýe kompaniýasynyň seljeriş bölüminiň başlygy Oleg Abelew gürrüň berdi diýip, «finance.mail.ru» ýazýar.

Hünärmeniň sözlerine görä, dünýäde iň gymmat pullaryň biri britan funt sterlingidir, ýagny 1 funt sterling 1,25 amerikan dollaryna deňdir.

Hümmedi boýunça ikinji orny Pars aýlagy we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň pullary, ýagny bahreýn dinary hem-de kuweýt dinary, iordan dinary, oman rialy eýeleýär. Mysal üçin, bir kuweýt dinary 3,24 amerikan dollaryna deň. Bahreýn dinary üçin bolsa, 2,65 dollar berýärler.

Güýçli durnukly ykdysadyýet, tebigy baýlyklaryň eksporty, ýerli puluň ABŞ-nyň dollaryna gatnaşykda kesgitli hümmedi Pars aýlagy hem-de Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň pullarynyň durnuklylygyna täsir edýär diýip, Abelew aýdýar.

«Bu ýurtlaryň ählisiniň-de ilaty az we nebitiň baý gorlaryna eýedir. Bu döwletlerde hümmetsizlenmäniň depgini pes hem-de durnukly syýasy ýagdaý höküm sürýär» diýip, hünärmen sözüniň üstüni ýetirdi.

Ady agzalan sebitleriň pullary dünýä bazarlarynda erkin hereket etmeýärler. «Köp şahsy we ýuridik taraplar hut şu ýurtlaryň puluna maýa goýmak isleýärler, emma erkin çalşylýan pullar däldigi üçin olara isleg, esasan, ýerli raýatlaryň arasynda jemlenendir» diýip, hünärmen sözüni jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň