Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Koki gurbagalaryna ýok bolmak howpy abanýar

16:4920.01.2025
0
19152

Köp ýyllaryň dowamynda koki gurbagalary Puerto-Rikonyň medeni nyşany boldy, ony keramika, nakgaşlyk eserlerinde şekillendirdiler, ýerli oturymly halkyýetleriniň goşgularynda we poemalarynda wasp etdiler. Bu barada «vfokuse.mail.ru» gürrüň berýär.

Ýerli taino halkynyň legendasyna görä, taňry aýal öz ýiten aşygynyň adynyň asyrlarboýy ýaşamagy üçin koki gurbagasyny döredipdir. Gurbaganyň ady halkyň hakydasyna şeýlebir berk ornaşypdyr welin, puertorikalylaryň köpüsi: «Soy de aquí como el coquí» («Men koki ýaly aslym şu ýerli») diýip, buýsanç bilen dile getirýär.

«National Geographic» howanyň derejesiniň ýokarlanmagynyň we howa şertleriniň üýtgemeginiň koki gurbagalarynyň ýaşaýan tokaýlaryna howp salýandygyny habar berýär. Galyberse-de, Puerto-Riko aralaşan harasatlar ekoulgamlara uly zyýan ýetirip, kokileriň azalmagyna getirdi.

Emma bu kynçylyklara garamazdan, koki gurbagasynyň keşbi puerto-rikalylaryň milli özboluşlylygynyň we gaýratlylygynyň nyşanydyr.
vfokuse.mail.ru

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň