Astrahan sebitinde Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek taslamasynyň çäginde 2025-nji ýylda giň gerimli halkara işewürlik forumy geçiriler. Bu waka portlaryň ýörite ykdysady zolagy esasynda peýdalanylmagyny meýilleşdirilýän rus-türkmen bilelikdäki taslamany ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy meýdança bolar diýip, «А24» neşiri ýazýar.
Astrahan sebitiniň daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow taslamanyň doly amala aşyrylmagyny üpjün etmegiň möhümdigini aýtdy: «Bu taslamalaryň 100 göterim işjeňligini üpjün etmeli. Şol sebäpden, iki ýurtdan telekeçileriň gatnaşmagynda uly işewürlik forumyny geçirmek üçin türkmen hyzmatdaşlarymyz bilen ylalaşdyk».
2025-nji ýyldaky forumda işewür wekiller diňe bir hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak bilen çäklenmän, eýsem anyk şertnamalary hem baglaşyp bilerler. Astrahan portlary bilen Türkmenbaşy portunyň arasynda gämi gatnaw ugrunyň döredilmegine aýratyn üns berler. Gepleşiklere Russiýanyň beýleki sebitleriniň wekilleri hem çagyrylýar.
Çeşmäniň sözlerine görä, häzirki wagtda Astrahan sebitiniň hökümetiniň wekilleri Aşgabatdaky kärdeşleri bilen bu maksatnama işjeň gatnaşýarlar we bu möhüm çärä taýýarlanýar.
