Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda maliýe-ykdysady okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ykdysadyýet boýunça bäsleşik geçiriler

14:5320.01.2025
0
22994

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde ýurduň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Sanly ykdysadyýet» dersi boýunça «Bilim-bagtyň çyragy» atly bilim bäsleşigini guraýar.

Bäsleşik 2025-nji ýylyň 15-nji fewralynda Aşgabadyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde geçiriler. Her okuw mekdebinden üç talybyň gatnaşmagyna rugsat berilýär. Gatnaşyjylar döwlet dilinde 100 soragdan ybarat test-synag tabşyrygyny ýerine ýetirmeli bolarlar.

Çäre ykdysadyýet pudagynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, ykdysady meseleleri seljermek we çözmek ukyplaryny ösdürmäge, şeýle hem hünär okuw mekdepleriniň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Birinji üç orny eýelän ýeňijiler degişli derejedäki diplomlar we baýraklar bilen sylaglanarlar.

Gatnaşmak üçin arzalar 2025-nji ýylyň 25-nji ýanwaryna çenli mailto:ashmaliye@sanly.tm elektron poçtasy arkaly kabul edilýär. Goşmaça maglumatlary 49-64-25, 49-00-52 telefon belgileri arkaly alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň