Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Italiýaly awtoulag ussasy 100 ýaşaýança işlemekçi

14:2220.01.2025
0
14976
Italiýaly awtoulag ussasy 100 ýaşaýança işlemekçi
Surat: rg.ru

Italiýanyň Aresso şäheriniň 97 ýaşly Fabio Sabbioni garrylyk salyndadygyna garamazdan, öz dogduk şäherinde mehanik bolup işlemegini dowam edýär. Ol bu kärde dünýäniň rekordynyň eýesidir diýip, «rg.ru» ýazýar.

Fabio awtoulag ussahanasynda 80 ýyl işledi, ol iň garry mehanik hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna-da girdi. Ol işlän ýyllarynda köp meşhur adamlaryň, Italiýanyň merhum Premýer-ministri Julio Andreottiniň (1989-1992 ýý) hem ulagyny bejerdi.

«Awtoulaglary halas etmek» – Sabbioniniň durmuş şygary, ol heniz hem edil ýaşlygyndaky ýaly hyjuw bilen zähmet çekýär. Goja ussa işini tä 100 ýaşaýança dowam etdirmekçi. «Meniň rugsatnamamy ýene iki ýyla uzaltdylar, awtoulaglary 99 ýaşyma çenli halas ederin, soňra 100 ýaşa ýetmegi maksat edinýärin» diýip, ol ýylgyryp gürrüň berýär.

Fabio benzinde işleýän awtoulaglary bejerenini gowy görýär. Ol elektrik ulaglardan başynyň çykmaýandygyny aýdyp, «Men elektrik ulaglarynyň niresinden tutjagymy bilemok» diýip degişýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň