Waşingtonda saýlanan amerikan lideri Donald Trampyň we Wise-Prezident Dewid Wensiň 20-nji ýanwardaky kasam kabul edişi üçin ähli zat taýýar edildi. Täze döwlet Baştutanynyň inagurasiýasynyň geçjek ýeri bolan Kongres binasynyň daşyna beýik haýat aýlandy diýip, TASS habar berdi.
Şäherde degişli gulluklar we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan howpsuzlyk çäreleri üpjün edildi. Şu gün — duşenbede paýtagt metrosynyň käbir beketleri ýapylar, käbir ugurlarda ýolagçy awtobus gatnawlary bes ediler.
Waşingtonda garaşylýan Selsiý boýunça -11 gradus derejedäki sowuk howa sebäpli, Tramp bilen Wensiň kasam kabul edişi öň garaşylysy ýaly, Kongresiň öňünde däl-de, onuň merkezi zalynda – bary-ýogy 600 adamlyk Rotondede geçer. Soňky gezek, 1985-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda amerikan liderlerinden 40-nji Prezident Ronald Reýganyň ikinji möhlete kasam kabul edişi hem şu zalda geçipdi. Galyberse-de, Trampyň däbe öwrülen ýörişi Pensilwaniýa-awenýuda däl-de, Capital One Arena sport-dynç alyş merkezinde geçer.
Kömekçileriniň çaklamasyna görä, Tramp inagurasiýadan soňra 50-den 100-e çenli permana gol çeker, olar energetika, ekologiýa, immigrasiýa, ykdysadyýete we söwda, gender syýasatyna degişli bolar.