Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Eýranyň döwlet Baştutany Masud Pezeşkiana rus semawaryny we Russiýada gyş manzary çekilen nakgaşlyk eseri sowgat berdi. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.
«Jenap Prezident, bu Russiýa barada, Siziň saparyňyz hakynda ýadygärlik sowgat. Russiýa gyşyna şeýle keşpde bolýar – diýip, Putin Pezeşkiana aýtdy: - Ine, bu bolsa däbe öwrülen önümimiz— semawar!».
Eýranyň Prezidenti ýylgyryp, öz ýurdunda «semawar» sözüni oňat bilýändiklerini aýdyp, rus liderine minnetdarlyk bildirdi.
17-nji ýanwarda Putin we Pezeşkian Kremlde iki ýurduň arasynda köp ugurlarda strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekdiler.