Hytaýda lomaý lotereýa utuşynyň töweregindäki gopgun dowam edýär. Iş beriji öz işgärleriniň biriniň utan alty million ýuanyny elinden almakçy boldy. Waka 2019-njy ýylda bolupdyr, emma ol barada diňe golaýda habar beriş serişdelerinde makala çap edilenden soňra belli boldy diýip, «MIR 24» ýazýar.
Kompaniýanyň baýramçylyk dabaralarynyň birinde işgärlere lotereýa petekleri sowgat berilýär. Olaryň biri utuşly ekeni, erkek kişi alty million ýuan (819 müň dollar) utdy.
Emma onuň şatlygy uzaga çekmedi, kompaniýanyň ýolbaşçylygy utuş barada bilip, işgärinden petegi gaýdyp bermegi hem-de ähli utuşy işgärleriň arasynda deň-derman paýlaşmagy talap etdi. Emma utuşyň eýesi ýüz öwrüpdir, netijede, dawa-jenjele polisiýa goşulyşmaly boldy.
Lotereýa oýny 28-nji fewralda bolupdyr. Işgärlere bolsa petekler 2-nji martda paýlanypdyr. Görlüp oturylsa, kompaniýa möhleti geçen petekleri satyn alyp, hasapçylara olaryň utuş ýagdaýyny barlamagy tabşyrypdyr. Barlag wagty petegiň biri unudylan bolmaly, ol-da utuşly bolup çykypdyr diýip, «South China Morning Post» neşiri ýazýar.