Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Owganystanyň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.
Şeýle hem Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük, pagta süýümi, flanel matasy, buýan köküniň gury ekstrakty ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 129 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin nebit bitumyny we polipropileni, («Türkmennebit» döwlet konserni), nah ýüplügi, boýalan tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 38 million 187 müň manada deň boldy.