Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«ÇaparPay» ykjam programmasyna poçta ýollamalaryny yzarlamak hyzmaty girizildi

11:0620.01.2025
0
16408

«ÇaparPay» poçta ýollamalaryny yzarlamak üçin täze bölüm girizmek bilen, ykjam programmasynyň mümkinçiliklerini giňeltdi. Ulanyjylar indi programmada bukjalarynyň, hatlarynyň we beýleki ýollamalarynyň ýagdaýyny aňsatlyk bilen barlap bilerler.

Täze yzarlaýyş hyzmaty dürli görnüşli ýollamalaryň nirededigini we ýagdaýyny yzarlamaga mümkinçilik berýär, olaryň hatarynda:

Poçta bukjalary

Hatlar

Çaparlar tarapyndan iberilýän bukjalar

EMS ýollamalary

Beýleki poçta ýollamalary

Bu täzelenme netijesinde, «ÇaparPay» ykjam programmasynyň ulanyjylary poçta ýollamalaryna hakyky wagtda gözegçilik etmek üçin amatly gurallara eýe boldular, bu bolsa bukjalary yzarlamak işini has aňsat we elýeterli edýär.

«ÇaparPay» – aşakdakylara mümkinçilik berýän köpugurly kömekçidir:

Hyzmatlar üçin töleg tölemek: jemagat hojalygynyň tölegleri, mobil aragatnaşyk, internet we beýlekiler.

Uçar we otly peteklerini satyn almak.

Jerimeleri tölemek: PÝGG-niň jerimeleri we beýlekiler.

Güýmenje hyzmatlary üçin tölegler: Älem TV, Belet Film, Aýdym.com.

Ykjam programma «Google Play-de» we «App Store-da» ýükläp almak üçin elýeterlidir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň