Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda ilçi A.Möwlamow bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Pakistandaky ilçisi hanym Jeýn Merriotyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Ilçihananyň resmi saýtynda berýän habaryna görä, taraplar sebitdäki ýagdaýlara syn berdiler. Olar Owganystanda ýagdaýy durnuklaşdyrmak we parahatçylygy berkitmek boýunça umumy gyzyklanmalaryny mälim etdiler.
Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Bitarap Türkmenistanyň sebitde we onuň daşynda ykdysady ösüşi höweslendirmäge, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkitmäge gönükdirilen syýasaty barada gürrüň berdi. Ol Türkmenistanyň Hökümetiniň Owganystan bilen bagly infrastruktura we energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmäge, şeýle hem owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermäge ygrarlydygy barada belläp geçdi.
J.Merriot hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatyna ýokary baha berdi diýlip, habarda bellenilýär.