Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda çykyş etdi

22:1819.01.2025
0
20667

Ozal habar berşimiz ýaly, Monakonyň Monte-Karlo şäherinde 47-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirilýär. Türkmenistanyň "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar topary hem bu festiwala gatnaşýar.
HHM-niň habar bermegine görä, festiwalyň çäklerinde türkmen jigitleri ahalteke atlarynda özboluşly tomaşalary görkezdiler.

Monte-Karlo şäherinde geçirilýän bu halkara sirk festiwaly sirk sungaty dünýäsinde iň möhüm wakalardan biridir. Türkmenistanyň "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar topary oňa ilkinji gezek gatnaşmak bilen, dünýä derejesinde türkmen sungatynyň we medeniýetiniň, ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny has artdyrýar. Çeşmede bellenilişi ýaly, bu topar ozal birnäçe abraýly festiwallardyr ýaryşlarda ykrar edilip, ýokary sylaglara eýe boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň