Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Pakistanyň Milli logistika korporasiýasynyň wekilleri ulag gatnawlary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

17:1819.01.2025
0
20010

Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Zahir Uddin Babaryň ýolbaşçylygyndaky Pakistanyň Milli logistika korporasiýasynyň (NLC) wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda ulag-logistika infrastrukturasy we ulag gatnawlary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar iki ýurduň çägini özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ulag gatnawlary üçin ulanmak mümkinçliginiň uludygyny bellediler.

Taraplar özara hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek üçin yzygiderli duşuşyklary geçirmek boýunça ylalaşdylar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň