Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Orta Aziýa dogrumy ýa-da Merkezi Aziýa?!

19:1018.01.2025
0
21340

Aslynda, Turan nire, Türküstan haýsy ýer? Olaryň biri-birinden nähili tapawudy bar? Merkezi Aziýamy ýa-da Orta Aziýa? Bu adalgalaryň haýsyny ulanmak dogry? «Turkmenportal» siziň üçin şu hili sowallaryň jogabyny bir ýere jemledi.

«Turan» adalgasy dürli çeşmelerde dürli görnüşde duş gelýär. Olaryň aglabasynda bu ýeriň tur halkynyň ýaşan mekanydygy ýazylýar. Turlar Merkezi Aziýanyň daglarynda we düzlerinde ýaşan çarwa halk bolupdyr diýen garaýyşlar bar. Käbir alymlar olary saklaryň we massagetleriň ata-babalary hasaplaýarlar. Saklara we massagetlere degişli taryhy tapyndylaryň tapylan ýerlerinden çen tutsak, Turanyň çägi häzirki Merkezi Aziýanyň serhetlerinden has giň bolmaly.

Käbir taryhçylar bolsa «Turan» sözüniň manysy «türkleriň, türki kowumlaryň ýurdy» diýen manyny berýär diýen garaýyşy hem öňe sürýärler. Olaryň aýtmaklaryna görä, «Turan» adalgasy soňra «Türküstan» diýlip üýtgedilipdir.

Merkezi Aziýany aňladýan «Türküstan» adalgasy VI – VII asyrlara degişli ýazuw çeşmelerinde peýda bolup başlaýar.

XIX asyryň ortalaryndaky Türküstany şertli ýagdaýda üç bölege bölmek bolar: Günbatar Türküstan — häzirki Gazagystanyň günorta bölegi, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň çäkleri. Gündogar Türküstan — Sinszýan uýgur awtonom sebiti. Owgan Türküstany — Owganystanyň demirgazyk bölegi.

Rus imperiýasy Günbatar Türküstanyň territoriýasyny basyp alandan soň, onuň ýerine Türküstan General-gubernatorlygyny döredýär. Soňra 1924-1925-nji ýyllarda «Türküstan» adalgasy döwrüň syýasy-jemgyýetçilik şertlerine görä ulanyşdan aýrylyp, «Orta Aziýa» diýen geografik adalga ulanylyp başlanýar.

Orta Aziýamy ýa-da Merkezi Aziýa?

Dürli taryhy kitaplarda, taryhçylaryň ýazgylarynda, habar beriş serişdelerinde bu iki adalga ýygy-ýygydan duş gelýäris. Eýsem, olaryň nähili umumylygy we nähili tapawutlary bar? «Orta Aziýa» adalgasy näme üçin az ulanylýar?

Bar bolan maglumatlara görä, «Orta Aziýa» we «Merkezi Aziýa» adalgalary häzirki zaman geografiýasyny esaslandyryjylaryň biri bolan nemes geografy Fridrih Humboldyň işleriniň täsiri esasynda ýüze çykypdyr.

«Orta Aziýa» adalgasy ozalky sowet häkimiýetleri tarapyndan alnyp barlan milli-territorial bölünişigiň netijesinde giňden ýaýraýar. Netijede, Orta Aziýa ykdysady sebiti döredilip, ol Özbegistany, Gyrgyzystany, Täjigistany, Türkmenistany we Gazagystanyň günorta sebitlerini öz içine alypdyr. Gazagystanyň aýratyn ykdysady sebit hasaplanylýandygy sebäpli, «Orta Aziýa we Gazagystan» adalgasy giňden ulanylypdyr. Şeýlelik bilen, «Orta Aziýa» diýlende, sebitdäki dört ýurt göz öňünde tutulyp başlanýar.

«Merkezi Aziýa» adalgasy dürli çemeleşmelere görä, dürli sebitleri aňladýar. Mysal üçin, ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna görä, Mongoliýa, demirgazyk-günbatar Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan, Täjigistan, Russiýanyň Aziýadaky böleginiň gündogar sebitleri, Owganystan, demirgazyk-günbatar Hindistan, Pakistanyň gündogar bölekleri we Eýranyň demirgazyk-gündogar bölekleri «Merkezi Aziýa» diýlip atlandyrylyn çäge degişli hasaplanylypdyr

Meşhur «Britannica» ensiklopediýasynda bolsa «Orta Aziýa» we «Merkezi Aziýa» adalgalarynyň şol bir manyny berýändigi ýazylypdyr. Ensiklopediýada bu adalga bäş ýurdy — Gazagystany, Gyrgyzystany, Özbegistany, Türkmenistany we Täjigistany öz içine alýan sebit hökmünde görkezilipdir.

1992-nji ýylda «Orta Aziýa we Gazagystan» adalgasynyň ýerine «Merkezi Aziýa» adalgasy giňden ulanylyp başlaýar. Sebäbi bu adalga bäş ýurdy hem öz içine alýar. Bu teklip 1993-nji ýylda Daşkende geçirilen sammitde tassyklanýar. Şondan bäri «Merkezi Aziýa» adalgasy köpçülikleýin ulanylýar. Häzirki wagtda metbugatda, syýasatçylaryň çykyşlarynda we halkara sebitleýin gözleglerde «Merkezi Aziýa» diýlip hut şol bäş ýurdy öz içine alýan sebit göz öňünde tutulýar.

Häzir döwürde sebitiň bäş ýurdy taryhy kökleriň we milli gymmatlyklaryň umumylygyna laýyklykda, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýarlar. Şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlary dünýäniň syýasy kartasynda we ykdysady, medeni-jemgyýetçilik durmuşynda strategik hyzmatdaş, ygtybarly dost hökmünde möhüm orun eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň