Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýede ýasama altynyň täze görnüşi ýaýrady

12:3118.01.2025
0
22765
Türkiýede ýasama altynyň täze görnüşi ýaýrady
Surat: ria.ru

Hatda zergärleriň hem kynlyk bilen tanaýan galp atyny Türkiýäniň bazarlarynda giňden ýaýrady, ýagdaý raýatlaryň arasynda hakyky howsala döretdi diýip, «CNN Türk» teleýaýlymyna salgylanýan «RIA Nowosti» ýazýar.

Altyn we pul bazarlary boýunça hünärmen Isam Memiş bazarda galp altynyň peýda bolmagyna tomus möwsüminde nyrhlaryň kä gymmatlap, kä arzanlap durmagy sebäp boldy diýip, hasaplaýar. «Kezzaplar zergärçilik ussahanalaryny açyp, pes hilli ýa-da tutuş ýasama gyzyl önümlerini bazara çykarýarlar. Olar adatça altyny internet arkaly satýarlar» diýip, gürrüň berýär.

Hatda zergärçilik dükanlaryň eýeleri-de kezzaplaryň aldawyna düşýärler. Indi olar öz gorag usulyny döretdiler. «Haçanda aldawçy gelende, biz onuň foto-wideosyny edýäris-de, sosial ulgamdaky toparymyza iberýäris» diýip, Memiş aýdýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň