Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar gadymy mamontlary dikeltmekçi bolýarlar

15:0617.01.2025
0
14430
Alymlar gadymy mamontlary dikeltmekçi bolýarlar
Surat: gazeta.ru

Amerikadaky «Colossal Biosciences» firmasy 2028-nji ýylda mamont gölejiginiň DNK ulgamyny we aziýa piliniň öýjüklerini peýdalanmak arkaly ýüňli mamonty dünýä getirmekçi bolýarlar. Bu barada «Bloomberg» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

Haýwany surrogat ene pil baky doňaklyk şertlerinde saklanyp galan mamont gölesiniň DNK-synyň esasynda dünýä getirer.

Taslama üçin 435 million dollar serişde toplandy, emma ony doly durmuşa geçirmek üçin 10,2 mlrd dollar gerek bolar.

Mamontdan başga-da biologlar dodo guşuny we tasman gaplaňyny direltmek isleýärler.

Ýüňli mamont mundan 4 müň ýyl töweregi öň ýok boldy. Arizona uniwersitetiniň paleontology Karl Flessa ýitip ýok bolan haýwanlary dikeltmekden häzir bar bolan görnüşleriň ýok bolmagynyň öňüni almagyň maksadalaýykdygyny aýdýar. Sebäbi synag netijesinde alnan mamontyň, hakykatdanam, öýjüklerini ulanmak esasda alnan aziýa pili däl-de, mamontdygyny subut etmek kyn bolar diýip, ol nygtaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň