Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ýönekeý» Hytaýyň iň abraýly uniwersitetlerinde okatmaga çagyrýar

19:0016.01.2025
0
28991

Hytaýda okamagy arzuw edýäniňiz barmy? «Ýönekeý» HK siz üçin bilimler dünýäsiniň gapylaryny açýar!

«Ýönekeý» kompaniýasy Hytaýyň abraýly uniwersitetlerine tomusky resminama kabul ediş tapgyrynyň başlanandygyny mälim edýär. Türkmenistanly dalaşgärlere islendik hünäri saýlap biler ýaly mümkinçilik berilýär hem-de Hytaýda bakalawriat derejesinde ýokary bilim almak üçin amatly ýagdaý döredilýär.

Näme üçin okamak üçin Hytaýy saýlamaly?

Bilimiň ýokary hil derejesi: Hytaýyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň iň ýokary derejeli uniwersitetleriniň hataryna girýär, döwrebap okuw maksatnamalaryny we ýokary derejeli mugallymlary hödürleýär.

Hünär ugurlarynyň giňligi: Siz inženerçilikden we IT ugrundan başlap, lukmançylyk we ynsanperwer ylymlaryna çenli, özüňizi gyzyklandyrýan islendik hünäri saýlap bilersiňiz.

Dil päsgelçiliginiň ýoklugy: Okuwa girmek üçin hytaý dilini bilmek talap edilmeýär. «Ýönekeý» dil öwrenmek isleýänler üçin taýýarlyk okuwlaryny guraýar.

Doly goldaw berme: «Ýönekeý» kompaniýasy ýokary okuw mekdebini saýlamakdan başlap, resminamalary resmileşdirmäge, wiza almaga we ýaşaýyş jaýyny gözlemäge çenli ähli tapgyrlarda kömek edýär.

Esasy bellemeli zat, «Ýönekeý» kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk edýän uniwersitetleriniň diplomlary Türkmenistanda resmi taýdan ykrar edilýär.

Talyplar üçin amatly bolar ýaly maşgala agzalaryndan VISA kartyna yzygiderli pul geçirilmegi arkaly maliýe goldawyny almak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.

Okuw maksatnamalaryndaky orunlaryň çäkli bolanlygyny göz öňünde tutmak bilen, «Ýönekeý» kompaniýasy gyzyklanýan dalaşgärlere okamak.yonekey.com resmi saýtynyň üsti bilen jikme-jik maglumat almak üçin gyssagly ýüz tutmagy maslahat berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň