Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«AZAL» kompaniýasynyň ýykylan uçarynyň gara gutulary Gazagystana eltildi

15:0616.01.2025
0
19155
«AZAL» kompaniýasynyň ýykylan uçarynyň gara gutulary Gazagystana eltildi
Surat: belta.by

«Azerbaijan Airlines» (AZAL) awiakompaniýasynyň Gazagystanyň Aktau şäheriniň eteginde ýykylan uçarynyň gara gutulary IKAO-nyň maslahaty we Azerbaýjanyň hem-de Russiýanyň awiapudaklarynyň wekilleri bilen ylalaşyk esasynda Braziliýanyň Awiahadysalary derňemek we öňüni almak boýunça merkezine (CENIPA) iberilipdi.

Ýakynda bolsa, Gazagystanyň Ulag ministrligi uçaryň şol bort ýazarlarynyň okalan maglumatlarynyň ýurda getirilendigi we olaryň hünärmenler tarapyndan öwrenilýändigi barada habar berdi diýip, «Belta.by» portaly ýazýar.

«Azerbaijan Airlines» kompaniýasynyň «Embraer 190» kysymly ýolagçy uçary geçen ýylyň 25-nji dekabrynda Baku şäherinden Groznyý şäherine uçuş amala aşyrýarka, Gazagystanyň Aktau şäheriniň golaýynda ýere gaçdy. Şonda 38 ýolagçy gurban boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň