Bütindünýä Banky Pakistana öňdäki onýyllygyň dowamynda 20 mlrd dollar möçberde karz bermekçi diýip, DW neşirine salgylanýan «Report» habar berdi.
Maliýe serişdeleri hususy pudagyň ösüşini goldamak üçin azyga, bilime we gaýtadan işleýän energiýa çeşmelerine gönükdiriler. «Ýurt bilen hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasy» (CPF) diýlip at berlen täze maksatnama, öz nobatynda, Pakistana ykdysady kynçylyklary kadalaşdyrmaga mümkinçilik berer diýlip, habarda aýdylýar.
Maksatnamanyň 2026-njy ýylda netije berjekdigi çaklanýar, ol hususy pudagy ösdürmäge hem-de howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmaga ýardam eder.